Watan, döwlet we halk mukaddes bitewülikdir

15 Sentýabr 2024
37

«7/24.tm»:№38 (22516.09.2024

­Dä­be öw­rü­len aja­ýyp saz­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da bu ýyl hem daş-tö­we­re­gi­mi­zi go­ýa­zy paý­ha­syň, kä­mil­li­giň, sa­ha­wa­tyň al­tyn­sow keş­bi­ne bü­re­ýän eş­ret­li güýz pas­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si bi­len mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň go­şa to­ýa öw­rü­lip ut­ga­şyk­ly gel­me­gi «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da aý­ra­tyn bi­te­wü­lik ma­ny­sy­na eýe bol­dy. Çün­ki akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň «Hor gal­ma­syn puşt­dan-puş­dum, // Ber­ka­rar döw­let is­tä­rin» di­ýen naý­ba­şy ar­zu­wy­nyň wy­sa­ly şu iki sa­ny şan­ly wa­ka­nyň saz­la­şy­gyn­da has aý­dyň-par­lak şöh­le­len­ýär. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz — hal­ky­my­zyň azat­lyk, er­kin­lik, öz­baş­dak­lyk ba­ra­da köp asyr­lar­dan soň ama­la aşan kö­ňül küý­se­gi. Halk Mas­la­ha­ty — bu bi­ziň mil­li döw­let­li­li­gi­mi­ziň halk we­kil­çi­li­gi­ne, ra­ýat hak-hu­kuk­la­ry­na we azat­lyk­la­ry­na, köp­çü­li­giň erk-era­da­sy­na, ada­la­ta we ag­zy­bir­li­gi­ne da­ýan­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny, Py­ra­gy ata­my­zyň aý­dy­şy­ ýaly, «Ýurt bi­na­my­zyň ga­ýym­ly­gy­nyň» ala­ma­ty. Mah­la­sy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!», hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­gar­la­ryn­dan göz­baş al­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­myz — Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň köp ga­ra­şan ajap eý­ýa­my­nyň bi­ze ne­sip bo­lan wy­sa­ly­dyr.

Şi­rin­na­bat Sar­ja­gu­lo­wa,
hü­när­men.
Beýleki habarlar