Ynam hyýallary hakykata öwürýar

15 Sentýabr 2024
24

«7/24.tm»:№38 (22516.09.2024

Hemme üstünlikleriň gözbaşy ynamdan başlanýar. Her bir herekediň, her bir işiň, bu işiň netijeliligine, bu işiň peýdalylygyna ynanan adam bu ýolda uly üstünliklere eýe bolýar. Muňa mysal, türgen sportdan baş alyp çykjagyna ynanmasady, türgenleşige başlamazdy. Eger, bu ynam bolmasady, biz sportda dünýä rekordlaryny görmezdik. Basketbol sportunyň ýyldyzy Maýkl Jordan egindeşleriniň arasynda özüniň bökmek we topy tora düşürmek ukyby bilen däl-de, ilki bilen, özüniň örän agyr türgenleşikleri bilen tanalardy, sebäbi onuň özüne bolan ynamy güýçlüdi. Bu ýolda üstünliklere ýetjegine aňryýany bilen ynanýardy we munuň üçin oňa uly hormat goýýardylar. Hatda ýyldyz basketbolçy hökmünde tanalmaga başlanandan soňam, bu beýik basketbolçy agyr türgenleşiklerini birjigem goýan däldir. Çünki ara sähelçe müňkürligiň ýa-da sähelçe kynçylygyň düşmegine ýol bermeýärdi. Sebäbi ynam her kimde deň bolmaýar, adamlar sähelçe kynçylygyň netijesinde ynamlaryny ýitirmek bilen bolýarlar, dessine ruhdan düşüp, niýetlerinden we maksatlaryndan el çekýärler. Ynamly adamy beýlekilerden tapawutlandyrýan ilkinji zat bolsa, olaryň ynamlarynyň ägirt uly, hatda çäksiz bolmagydyr.

Bagtyýar GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar