Garaşsyzlyk bagty dünýä türkmenleriniň ykbalyny gülletdi

14 Sentýabr 2024
69

Garaşsyzlyk baýramy diňe bir bagtyýar watandaşlarymyzyň däl, eýsem, geçmişde dünýäniň dürli döwletlerinde mesgen tutan doganlarymyzyň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan iň arzyly toýy. Sebäbi türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, taryhyň dürli döwürlerinde Ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata Watanyna öwrüldi» diýşi ýaly, Garaşsyzlyk gudraty birmahallar duz nesibesi daşary ýurtlara çeken türkmenleriň, olaryň nesilleriniň ählisini ata Watanly etdi. Indi dünýä türkmenleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany özleriniň ruhy dünýäsine bagtyýarlyk nuruny çaýýan seždegähi hasaplaýarlar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Zeminiň dürli künjeginde mesgen tutan türkmenleri bir supranyň başynda didarlaşdyrýan, olaryň ata Watanymyz bilen ykdysady, telekeçilik, medeni-ynsanperwer, sport ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, milletimiziň taryhy, edebi we medeni mirasyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny, döwletimiziň köpugurly ösüşlerini halkara giňişlikde wagyz etmekde alyp barýan işlerine ýardam edýän guramadyr. Şeýle bolansoň, häzirki döwürde onuň gaýry döwletleriň 14-sinde hereket edýän 27 sany daşary ýurt bölüminiň agzalarynyň ynsanperwer işleri halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda oňyn netijesini berýär. Birleşigiň işiniň has kämilleşýändigini we rowaçlanýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz: «Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleri özara doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, tutuş türkmen halkynyň bähbidi ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýärler. Bu guramanyň işewür agzalary batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar» diýýär.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar