Parahatçylygyň we dostlugyň rowaçlanmagy

13 Sentýabr 2024
30

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy rowaçlandyrýan sport diplomatiýasyna aýratyn uly ähmiýet berýäris» diýen dürdäne sözleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kalplara nur çaýýan ajaýyp hakykatydygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 8-nji sentýabrynda bolup geçen taryhy wakanyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

...Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar