Şöhrata beslenen ýyllar

13 Sentýabr 2024
35

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurmak, döretmek, sagdyn, eşretli durmuşyň hözirini görmek bagtyna eýe bolan zähmetsöýer halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly senesini uly üstünlikler bilen garşy alýar. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwür bolan 33 ýylyň içinde asyrlara barabar beýik işler, taryhy özgertmeler amala aşyrylan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň, üstünlikleriň täze belentliklerini nazarlaýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk ulgamynyň hem döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini bellemek gerek. Çünki berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlandyrylýan demokratik özgertmeler, pudaklarda uly ösüşleriň gazanylmagy milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol esasdan, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alnyp öňe sürülýän başlangyçlar uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ähli ulgamlaryň ösüşli ýoluny öňküdenem pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn uly üns berilýär.

Guwanç SAPAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar