Astanadaky üstünlik

13 Sentýabr 2024
22

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde dünýäniň 91 döwletinden 3 müňe golaý türgeni bir ýere jemlän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy türgenlerimizi täze ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parlatmaga ruhlandyrdy.

Türkmenistanly türgenler, esasan, kuraş we alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda tapawutlandylar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz öz agram derejesinde dünýäniň 19 döwletinden gelen garşydaşlary bilen güýç synanyşyp, aýgytlaýjy duşuşykda özbegistanly türgeni ýeňdi we altyn medala eýe boldy.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar