Täze taryhy eýýamyň tutumlary

13 Sentýabr 2024
24

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda gazanylýan uly ösüşler, ýetilýän belent sepgitler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryha altyn harplar bilen ýazylmagyny üpjün edýär. Bu ösüşleredir sepgitlere bolsa diňe il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň, agzybirlikli hem döredijilikli zähmetiň netijesinde ýetip bolýar. Agzybirligiň, parahatçylygyň, halkyň eşretli durmuşyny üpjün edýän beýik işleriň geljekde hem dowamat-dowam bolmagyny, has-da pugtalanmagyny gazanmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň aýratyn uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu hakykaty ýene bir ýola subut eder. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça geljekde alnyp barylmaly işler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda öňde durýan wezipeler we durmuş-ykdysady ösüşiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyljak mejlis türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriniň döwrebap derejede rowaçlyklara beslenýändigini ýene bir ýola görkezer.

Ýagmyrgeldi ŞYHNAZAROW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar