Tälimçileriň okuw sapagy

13 Sentýabr 2024
13

Ýurdumyzyň basketbol federasiýasynyň Halkara basketbol federasiýasy bilen bilelikde geçiren «Bütindünýä tälimçileri» atly ikinji okuw sapagy sportuň şu görnüşinden täze segitlere ýetmekde ähmiýetli ädime öwrüldi.

Halkara basketbol federasiýasynyň wekili Torsten Loýbol ýurdumyzyň ussat tälimçileri bilen nazary we amaly okuw maslahatyny geçdi. Maslahata T.Baýryýew, B.Ibragimow, N.Akyýew, P.Akmammedow, M.Mazakow, K.Kiýathanow, A.Arhipow, P.Awerýanow, A.Amanberdiýew, T.Allanurow, W.Sitnikow, N.Nagiýewa ýaly tälimçilerimiz gatnaşdylar. Germaniýaly tälimçi bir hepdäniň dowamynda geçen okuw sapagyna gatnaşan ýurdumyzyň tälimçileriniň öz beren nazary we amaly okuw sapagyny gowy özleşdirip, synaglary üstünlikli tabşyrandyklaryny belläp, olaryň ussatlyklaryna ýokary baha berdi.

Merdan MA­ZA­KOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar