«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

13 Sentýabr 2024
111

Berkarar döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçiriljek taryhy mejlisine ýokary guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy.

Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bagtyýar ildeşlerimiziň eşretli durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda halkymyzyň geňeş etmek däbiniň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

Beýleki habarlar