Maslahat geçirildi

13 Sentýabr 2024
72

Türkmen oba hojalyk institutynda howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan ýaşlar maslahaty ýokary derejede geçirildi. Ýaşlar maslahatyna Birleşen Milletler Guramasynyň, Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň wekilleri we Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileri hem gatnaşyp, talyp ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berdiler, özara pikir alyşdylar. Ýaşlar maslahatyna gatnaşan talyplar häzirki wagtda dünýä boýunça esasy mesele bolup durýan howanyň üýtgemegine, Aralýaka zolaklarda topraklaryň şorlaşmagy bilen bagly çözülmeli meselelere degişli özleriniň tekliplerini aýtdylar. Täsirli geçen ýaşlar maslahaty talyplarda ýurdumyzyň ösüşine goşant goşjak ylmy işleri alyp barmaga höwes döretdi.

Aýnabat KERIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar