Aşgabatda Italýan aýdym-saz agşamy geçirildi

13 Sentýabr 2024
38

Düýn paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy we italýan kompozitory, meşhur operaçy Jakomo Puççininiň (1858-1924) 100 ýyllygy mynasybetli türkmen-italýan bilelikdäki konserdi geçirildi.

 Bu ÿere gatnaşan tomaşaçylar Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ÿetirilen Jakomo Puççininiň opera dünýäsi bilen giňden tanyş boldular we ýaňlanan sazlar italýan dünýäsiniň ruhuny paýlady.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar