Ýol abat – il abat

13 Sentýabr 2024
15

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Institutyň mejlisler zalynda guralan çärä mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Içeri işler ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň kazyýetiniň, Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän biraýlygyň ähmiýeti barada aýdyp, ýol hereketine gatnaşyjy her bir raýatyň düzgünleri doly we dogry berjaý etmeginiň zerurdygy barada belläp geçdiler.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet derejesinde giň gerim bilen geçirilýän şeýle çäreler talyp ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmakda, olara ýol kadalaryny öwretmekde, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny gazanmakda, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, köçelerde, jemgyýetçilik ulaglarynda okuwçylaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmagynda uly ähmiýete eýedir.

Beýleki habarlar