Hereket howpsuzlygynyň binýady

13 Sentýabr 2024
28

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi etrabyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi gullugy bilen bilelikde 9-njy orta mekdepde «Hereket howpsuzlygynyň binýady» atly çäre geçirdi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri, mekdep okuwçylary we ýaşlar gatnaşdylar.

Çärede polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri çykyş edip, ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin ýanýodalardan hem-de pyýadalara niýetlenen köçelerden, şeýle hem ýanýodalaryň we köçeleriň ýok ýerinde ýoluň gyrasyndan ýöremäge rugsat edilýändigi, köçäniň ýanynda oýnamagyň, welosiped sürmegiň howpludygy barada giňişleýin durup geçdiler. Suratlar arkaly ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmeginiň ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýän şertleriň biridigi, köçe-ýol hereketinde seresaplylyk düzgünlerini berk berjaý etmek barada täsirli gürrüň berdiler.

Amanmämmet Durdyýew,
TKA-niň Esenguly etrap birleşmesiniň baş hasapçysy.
Beýleki habarlar