Aşgabatda şäherara awtobuslaryň gatnaw petegini onlaýn satyn almak hyzmaty kämilleşdirildi

13 Sentýabr 2024
13

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy («Awtomobil ulag hyzmaty» paýdarlar jemgyýeti) öz web saýtyny we mobil goşundysyny täzelemek bilen, ulanyjylyk tejribesini görnetin kämilleşdirdi we ýolagçylar üçin ýetirilýän mümkinçiliklerini giňeltdi.

Ýolagçylar indi bir gezekde 10 sany gatnaw petegine çenli satyn alyp, dürli sebäbe görä, eger isleseler olary onlaýn görnüşde yzyna gaýtaryp bilerler. Petegiň resminamasynyň PDF görnüşinden QR kody skanirläp, gatnaw peteginiň ýagdaýyny barlamak funksiýasy hem goşuldy.

Beýleki habarlar