Körpeleriň buýsanjy

13 Sentýabr 2024
40

Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň Saryýazy obasynda «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 160 orunlyk, iki gatly bakja bagynyň binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, bilim işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ak gyňaçly enelerimiz, hormatly ýaşulularymyz gatnaşdy.

Aýdym-sazyň astynda al asmana ýüzlerçe şarlar goýberilip, körpeleriň goşgudyr aýdymlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Dilleri senaly gojalarymyz bilen körpelerimiz ähli amatlyklary bolan bakja- bagynyň binasyny birlaý gözden geçirdiler. Binanyň daş-töwereginiň gür baglyga bürelmegi, suw çüwdürimleri we howuzlar, şeýle hem dynç alyş otaglary, naharhana zaly körpeleriň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Ýazdurdy ABDYRAHMANOW,
TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar