Ro­nal­do – 900 go­ldan geçen il­kin­ji fut­bol­çy

13 Sentýabr 2024
15

UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne ba­dal­ga ber­lip, «A» Li­ga­nyň 1-nji to­par­ça­syn­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da il­ki Hor­wa­ti­ýa­ny, so­ňam Şot­lan­di­ýa­ny 2-1 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Her du­şu­şyk­da-da to­pa­ry­nyň 2-nji go­lu­ny ge­çi­ren 39 ýa­şyn­da­ky Kris­tia­no Ro­nal­do ýe­ne bir ýo­la ady­ny ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýaz­dyr­ma­gy ba­şar­dy. Hor­wa­ti­ýa bi­len bo­lan du­şu­şy­gyň 34-nji mi­nu­tyn­da ge­çi­ren go­ly onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 900-nji gol hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le­lik­de, ol fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da res­mi du­şu­şyk­lar­da 900 go­la ýeten il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. 2-nji du­şu­şyk­da bol­sa 2-nji ýa­ry­myň ba­şyn­da oý­na gi­ren Ro­nal­do 88-nji mi­nut­da to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly ge­çir­di. Gol­la­ry­nyň sa­ny 901-e ýe­ten Ro­nal­do mil­li ýy­gyn­dy­da 132-nji ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Şot­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy onuň gol ge­çi­ren 48-nji mil­li to­pa­ry bo­lup, ol bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça hem re­kor­dyň eýe­si­dir. Ýag­ny Ro­nal­do iň köp mil­li ýy­gyn­dy­nyň der­we­ze­sin­den gol ge­çi­ren fut­bol­çy­dyr.

Ro­nal­do­nyň kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça ge­çi­ren gol­la­ry­ny sel­je­reni­miz­de, 1-nji go­ly bi­len 100-nji go­lu­nyň ara­syn­dan köp wagt geç­ýär. Ýag­ny Ro­nal­do 100-nji go­ly üçin 6 ýyl ga­raş­ma­ly bol­ýar. Ýö­ne on­dan soň­ky her 100 go­la 2 ýa-da 3 ýyl­dan ýet­ýär. Hat­da 400-nji go­ly bi­len 500-nji go­lu­nyň ara­syn­da 1 ýyl­dan sä­hel gow­rak wagt bar.

Beýleki habarlar