UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne ba­dal­ga berildi

13 Sentýabr 2024
5

UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne (2024/25) ba­dal­ga ber­lip, to­par­lar to­par­ça­lar­da­ky il­kin­ji 2 du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di­ler. Je­mi 4 li­ga­dan yba­rat ýa­ryş­da A Li­ga­nyň 1-2-3-4-nji to­par­ça­la­ryn­da öň­dä­ki 2 or­ny eýe­län­ler gel­jek ýy­lyň mar­tyn­da çär­ýek fi­nal­da du­şu­şar­lar. UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy 4-nji ge­zek ge­çi­ri­lip, mun­dan öň­ki 3 ýa­ryş­da Por­tu­ga­li­ýa (2018/19), Fran­si­ýa (2020/21) hem-de Is­pa­ni­ýa (2022/23) ýe­ňi­ji bo­lup­dy.

«A» Li­ga­nyň 1-nji to­par­ça­syn­da ýa­ry­şyň il­kin­ji çem­pio­ny Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ryn­da Hor­wa­ti­ýa­ny-da, Şot­lan­di­ýa­ny-da 2–1 ha­sap­lar bi­len ut­dy. 39 ýa­şyn­da­ky su­per ýyl­dyz Kris­tia­no Ro­nal­do 2 du­şu­şyk­da hem ta­pa­wut­la­nyp, onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky gol­la­ryň sa­ny 900-den geç­di. Şot­lan­di­ýa­ny myh­man­çy­lyk­da 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren go­ly bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňen Pol­şa myh­man­çy­lyk­da Hor­wa­ti­ýa­dan utul­dy (1–0). Du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk go­ly 52-nji mi­nut­da je­ri­me ur­gu­syn­dan Lu­ka Mod­riç ge­çir­di. 9-njy sent­ýabr­da 39 ýa­şy­ny dol­du­ran Lu­ka Mod­riç mil­li ýy­gyn­dy­da 180 ge­zek meý­dan­ça çy­kyp, bu ugur­da Ser­hio Ra­mos bi­len deň­leş­di we Ýew­ro­pa­da Kris­tia­no Ro­nal­do­dan soň 2-nji orun­da bar­ýar.

Beýleki habarlar