An­hin­ga – ýy­lan­bo­ýun guş

13 Sentýabr 2024
10

Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da, Ka­rib deň­zin­de duş gel­ýän tä­sin guş­la­ryň bi­ri hem an­hin­ga bo­lup, bu guş­lar ýy­la­na meň­zeş uzyn boý­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. De­ňiz ke­nar­la­ryn­da, gy­rym­sy agaç­ly meý­dan­da ýa­şa­ýan bu guş­lar uçup, ýü­züp we su­wa çü­müp bil­ýär­ler. Bo­ýy 85 san­ti­met­re ýet­ýän an­hin­ga­nyň ag­ra­my 2 ki­log­ram­dan geç­me­ýär. Ga­na­ty­nyň uzyn­ly­gy 117 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lan bu guş­la­ryň ki­çi­jik kel­le­si bo­lup, boý­ny eg­rem-bug­ram gör­nüş­de­dir. Ga­na­ty­nyň giň­li­gi an­hin­ga­la­ryň aň­sat­lyk bi­len uç­ma­gy­na we ýüz­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ör­de­giň­kä meň­zeş per­de­li aýa­gy bo­lan bu guş­lar ýüz­mä­ge, gy­rym­sy agaç­la­ra we daş­la­ra dyr­maş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. An­hin­ga­lar ug­ry kes­git­le­mek, dur­mak we de­ňag­ram­ly­ly­gy saz­la­mak üçin ýel­pe­wa­ja meň­zeş uzyn guý­ru­gyn­dan peý­da­lan­ýar­lar. Aýa­gy gys­ga diý­me­seň, bu guş­lar uzak­dan se­re­de­niň­de ge­ro­na hem meň­ze­ýär.

Ak-ga­ra ýa-da ýa­şyl-ga­ra ýe­lek bi­len ör­tü­len ýy­lan­bo­ýun guş­lar, esa­san, ba­lyk bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Ba­lyk tut­mak üçin bu guş­lar su­wa gi­ren­de di­ňe kel­le­si gör­nüp, göw­re­si aşak çüm­ýär. An­hin­ga­lar ba­lyk­dan baş­ga ow­nuk jan­dar­la­ry we mör-mö­jek­le­ri hem iý­ýär­ler. Ýy­lan­bo­ýun guş­lar çalt­lyk bi­len ýü­züp bil­me­se­ler-de, ök­de aw­çy­lar ha­sap­lan­ýar. Bu guş­lar awu­ny il­ki ny­şa­na al­ýar­lar, soň­ra su­wuň aşa­gyn­dan ýu­waş­ja­dan ba­ryp, bir­den awu­na ok­du­ryl­ýar­lar. An­hin­ga­lar aý­ra­tyn go­ra­lyp sak­lan­ma­sa-da, Ame­ri­ka­da bu guş­lar ba­ra­da her ýyl sel­jer­me be­ril­ýär.

Beýleki habarlar