Çip önüm­çi­li­gi­ne ma­ýa goý­ýar

13 Sentýabr 2024
8

Hy­taý şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da çip ön­dür­ýän en­jam­la­ra re­kord de­re­je­de 25 mil­liard amerikan dol­lary ma­ýa go­ýup, beý­le­ki ýurt­lar­dan öňe geç­di. «Tom’s Hard­wa­re»-iň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ag­zal­ýan dö­wür­de hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýa­rym­ge­çi­ri­ji­ler pu­da­gy­na go­ýan umu­my ma­ýa go­ýum­y Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Taý­wan­dan we ABŞ-dan köp bol­dy.

Bu ma­ýa go­ýum­lar söw­da çäk­len­dir­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de Hy­ta­ýyň da­şa­ry ýurt üp­jün edi­ji­le­ri­ne ga­raş­ly­ly­gy azalt­ma­ga ta­gal­la ed­ýän­di­gi bi­len şert­len­ýär. Hy­ta­ýyň ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň önüm­çi­li­gi üçin en­jam­la­ra umu­my ma­ýa go­ýu­my­nyň 2024-nji ýyl­da 50 mil­liard amerikan dol­la­ryna ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Beýleki habarlar