Ça­dyr gör­nüş­li sta­di­on gur­lar

13 Sentýabr 2024
7

2030-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­na çen­li Ma­rok­ko­da ça­dyr gör­nüş­li ägirt sta­dio­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Grand Sta­de Has­san II» diý­lip at­lan­dy­ryl­jak sta­di­onyň 115 müň­den gow­rak to­ma­şa­çy­ny ka­bul edip bil­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Bu tas­la­ma Fran­si­ýa­nyň «Po­pu­lo­us we Oua­la­lou + Choi» bi­na­gär­lik eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Stadion Ka­sab­lan­ka­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky El-Man­su­ra şä­he­rin­de 100 gek­tar meý­dan­da ýer­le­şer.

Bi­na­gär­ler ça­dyr gör­nüş­li di­zaý­ny dö­ret­mek­de Ma­rok­ko­nyň däp-des­sur­la­ryn­dan yl­ham alyp­dyr­lar. Sta­dio­nyň üçe­gi 32 sa­ny mer­du­wa­nyň hal­ka­la­ry­na da­ýan­ýan al­ýu­min gö­ze­nek­ler­den ýa­sa­lar. Mün­ber­ler umu­my zo­la­ga we VIP bö­lü­me bö­lü­ner. Şeý­le hem «oa­zis» tä­sir­le­ri­ni dö­red­ýän, 28 metr be­ýik­li­ge gal­dy­ry­lan meý­dan­ça­lar­da ýer­leş­jek köp de­re­je­li bag­lar bo­lar. Bi­rin­ji gat­da bo­ta­ni­ka ba­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Beýleki habarlar