79-njy ses­si­ýa öz işi­ne baş­la­dy

13 Sentýabr 2024
2

10-njy sent­ýabr­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­syn­da gu­ra­ma­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy mej­li­si öz işi­ne baş­la­dy. Ýyl­lyk ses­si­ýa­nyň gün ter­ti­bi dün­ýä­niň kä­bir se­bit­le­rin­de ýü­ze çy­kan çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri çöz­mek, dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek we ös­ýän ýurt­la­ra kö­mek ýa­ly dür­li me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýar. Tä­ze ses­si­ýa­nyň esa­sy wa­ka­sy, däp bol­şy ýa­ly­, 24-nji sent­ýabr­dan 28-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da, şeý­le hem 30-njy sent­ýabr­da gu­ral­ýan ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat ha­sap­lan­ýar. Mas­la­ha­ta köp san­ly döw­let ýol­baş­çy­la­ry we mi­nistr­ler gat­na­şyp, mö­hüm me­se­le­ler ba­ra­da çy­kyş ed­ýär­ler.

Bu ýyl her ýyl­ky ses­si­ýa­nyň çä­gin­de il­kin­ji ge­zek «Gel­je­giň sam­mi­ti» gu­ra­lyp, onuň do­wa­myn­da pa­ra­hat­çy­lyk we glo­bal howp­suz­lyk me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Sam­mi­tiň ahy­ryn­da «Gel­jek üçin şert­na­ma», «Glo­bal san­ly yla­la­şyk» we «Gel­jek­ki ne­sil­ler üçin jar­na­ma» tas­syk­la­nar. Bu çä­re has go­wy gel­je­ge nä­dip ýe­tip bol­jak­dy­gy we gel­je­gi nä­dip üp­jün et­me­li­di­gi ba­ra­da tä­ze hal­ka­ra yla­la­şy­gy­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len 22-23-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­ler.

Beýleki habarlar