«Burj Ha­li­fa» bi­len ýa­ry­şar

13 Sentýabr 2024
5

Mä­lim bol­şy ýa­ly, dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­sy «Burj Ha­li­fa» Du­baý­da ýer­le­şip, onuň be­ýik­li­gi 828 met­re ýet­ýär. Şä­her­de be­ýik bi­na­la­ryň ýe­ne bi­ri peý­da bo­lar. Be­ýik­li­gi 725 met­re ýet­jek «Burj Azi­zi» at­ly bi­na­nyň gur­lu­şy­gy üçin 1,6 mil­liard amerikan dol­lary sarp edi­ler. Şeý­le­lik­de, şä­her­de dün­ýä­niň iň be­ýik ikin­ji bi­na­sy hem peý­da bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň be­ýik ikin­ji bi­na­sy bo­lan «Mer­de­ka 118» Ma­laý­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Kua­la-Lum­pur­da ýer­leş­ýär.

Du­baý­da gu­rul­jak gök­di­rän 131 gat­ly bo­lup, bi­na­da 7 ýyl­dyz­ly myh­man­ha­na, res­to­ran, söw­da mer­ke­zi, syn ediş meý­dan­ça­sy we ýa­şa­ýyş öý­le­ri bo­lar. Gur­lu­şyk 4 ýyl do­wam edip, 2028-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­ler. «Azi­zi Develop­ments» at­ly kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy­na şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da baş­la­nyp­dyr. Kom­pa­ni­ýa tä­ze tas­la­ma­nyň in­že­ner­çi­lik ba­bat­da ga­za­ny­lan uly üs­tün­lik­di­gi­ne ün­si çek­ýär. «Burj Ha­li­fa­dan» 3 ki­lo­metr­ uzak­lyk­da ýer­leş­ýän bi­na­nyň 130-njy ga­tyn­da syn ediş meý­dan­ça­sy, 122-nji ga­tyn­da res­to­ran bo­lar.

Beýleki habarlar