Sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 40 mil­lio­na ýe­ter

13 Sentýabr 2024
3

Gün­do­gar Azi­ýa­nyň ke­nar­daş goň­şu­la­ry bo­lan Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy öz ara­la­ryn­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny has-da ös­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Il­kin­ji no­bat­da bu ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň 2030-njy ýy­la çen­li 40 mil­lio­na ýe­ti­ril­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň gu­ry ýer, inf­rast­ruk­tu­ra, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Sai­to Tet­suo­nyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Hio­go pre­fek­tu­ra­sy­nyň Ko­be şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mas­la­hat­da bu ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Goň­şy ýurt­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da pan­de­mi­ýa­dan soň­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyň di­kel­me­gi, dur­nuk­ly sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hö­wes­len­di­ril­me­gi we iri şä­her­ler­den uzak­da­ky ýer­ler­de sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi ýa­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Ýyg­nak­da ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň gel­jek ýyl 30 mil­lio­na ýe­ti­ril­me­gi ba­ra­da ne­ti­jä ge­lin­di.

Oraz­gül AMA­NO­WA,

Beýleki habarlar