Şan­ly to­ýuň bo­sa­ga­syn­da­ky döw­let­li mas­la­hat

13 Sentýabr 2024
3

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ösüş ýo­ly bi­len be­ýik gel­je­ge ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Ata Wa­ta­ny­my­zyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen aja­ýyp ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­myz­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek giň ge­rim­li da­ba­ra­la­ra taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Hal­ky­my­zyň asyl­ly däp­le­rin­den ugur al­nyp, bu şan­ly se­ne zäh­met ýe­ňiş­le­ri, tä­ze bi­na­gär­lik açy­lyş­la­ry, dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ryn­da­ky üs­tün­lik­ler bi­len gar­şy­la­nyl­ýar. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hem ge­çi­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da bu umu­my­mil­li fo­ru­ma ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Şu ýer­de biz bir za­dy aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­ris. Ýur­du­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny alan gü­nün­den bä­ri döw­let hä­ki­mi­ýet edara­la­ry­nyň ul­ga­my hem döw­re gö­rä yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ri­lip ge­lin­ýär.

Beýleki habarlar