Garaşsyzlyk — gözlerimiziň guwanjy, Şonuň bilen berkdir Watan daýanjy

13 Sentýabr 2024
99

Ine-de, toýlaryň seresi, baýramlaryň başy mukaddes Garaşsyzlyk toýumyz ýetip gelýär. Türkmen halky üçin iňňän gymmatly bolan bu bagt hakynda oýlandygyňça, onuň manysy has-da çuňlaşyp, güýjüniň gerimi öňküden-de giňeýär. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ýürek arzuwy bolan mukaddes Garaşsyzlygyň wysaly türkmeniň bagtyýar döwrüniň nesillerine nesip etdi. Onuň biziň ykbalymyza hut güýz paslynda miýesser etmeginiň özi-de diýseň täsindir. Güýz pasly — pasyllaryň içinde miweleriň ýetişýän, hasyla baý, şeýle-de özüniň agras keşbi, tämiz howasy bilen ähli ynsanda kämil pikirleri oýarýan pasyl. Belki-de, Garaşsyzlyk toýumyzyň güýz paslyna gabat gelmegi edermen pederlerimiziň Garaşsyzlyk hakyndaky arzuwlarynyň asyrlardan-asyrlara aşyp, kemsiz kemala gelmegi bilen berk baglydyr. Pikirlendigiňçe, mertebesi has-da belende galýan Garaşsyzlyk bagty, şeýdip, müň dürli many öwüşgini bilen ykbalymyzy Güneş kimin çoýup, älemgoşar deýin bezeýär. Garaşsyzlygyň mizemez hem gözel görnüşini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Dünýäde şeýle bir hakykat bar: ykbal asmanyndan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlyk türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açyp berdi, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halal ruhy akabasynyň öňüni arçady» diýip, örän ajaýyp meňzetme bilen beýan edýär. Bu altyndan gymmatly sözler Garaşsyzlygyň gaýtalanmajak waspy bolup, aňymyza hem kalbymyza ornady.

Eziz çagalar! Siz Garaşsyzlygyň gymmaty hakynda hemmelerden öňürti bilmelisiňiz! Çünki bu mukaddes dereje bilen siz başyňyzy belent tutup, batly gadam urup, dünýäniň çar künjüne çykyp bilýärsiňiz. Mukaddes Garaşsyzlyk size merdana ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan galan beýik mirasdyr. Siz ony gözüňiziň görejine deňäp, janyňyzdan hem eziz görüp aýamalysyňyz, onuň mertebesini öňküden hem belende galdyryp, ony indiki nesillere mynasyp derejede gowşurmalysyňyz. Bu bolsa siziň egniňizde belent borç bar diýmekdir. Size şol borjy abraý bilen berjaý etmek nesip etsin!

Aýgül GARAÝEWA.
Beýleki habarlar