Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

12 Sentýabr 2024
28

Dürli görnüşli reňkleriň bardygyna garamazdan, olary sazlaşykly, ýerli-ýerinde ulanyp, ajaýyp bir şekili kemala getiräýmek aňsat däl. Şeýle dürli reňkleriň kömegi bilen täsin suratlary döredip bilýän ýaş zehinli jigilerimiziň bardygyna biz diýseň guwanýarys. Ine, Balkanabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Hatyja Gurbanowanyň bize çekip ýollan suratlaryny synlanymyzda olarda reňkleriň täsin sazlaşygyna göz ýetirýäris. Biz sungat äleminde gözellikleri döredip bilýän ýaş suratkeş jigimize uly üstünlikleri arzuw edip, onuň çeken suratlaryny size ýetirmegi makul bildik.

* * *

Beýleki habarlar