Ýanka Kupala (1882-1942)

12 Sentýabr 2024
13

Meşhur belarus şahyry, terjimeçisi, dramaturgy Ýanka Kupala 1882-nji ýylyň 7-nji iýulynda Minsk oblastynyň Molodençnyý etrabynyň Wýazynka obasynda dünýä inýär. Ýanka Kupala onuň edebi tahallusy bolup, şahyryň ady Iwan Dominikowiç Lusewiçdir. Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy «Tüýdük» diýlen at bilen 1908-nji ýylda çap edilýär. Ýanka Kupala belarus edebiýatynyň nusgawy şahyry hasaplanylýar. Belarus Respublikasynyň halk şahyry, Belarus Ylymlar akademiýasynyň akademigi Ýanka Kupala «Gusliçi», «Harlanan höwürtge», «Aresaý derýasynyň boýunda», «Tarasyň täleýi» ýaly eserleriň awtorydyr. Ol Puşkiniň, Şewçenkonyň, Nekrasowyň, Krylowyň eserlerini belarus diline terjime eden şahyrdyr.

1920—1930-njy ýyllarda şahyryň birnäçe ýygyndylary neşir edilýär. Belarus edebiýatynyň we belarus edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biri bolan Ýanka Kupala 1925-nji ýylda «Halk şahyry» diýlen hormatly at dakylýar. Belarus Respublikasynda şahyryň adyny göterýän okuw mekdepleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we köçeleriň birnäçesi bar. Şahyryň şygyrlary iňlis, arap, italýan, hytaý, nemes, rus, fransuz, hindi, ýapon dillerine terjime edilendir.

Terjime eden Nobatguly REJEPOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Beýleki habarlar