Dost-doganlyk. Hoşniýetli goňşuçylyk. Ynsanperwerlik

12 Sentýabr 2024
24

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Garaşsyz ösüşimiziň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypalary açýan taryhy ähmiýetli wakalarda Milli Liderimiziň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýa öz beýanyny tapýar.

11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary hem bu hakykatyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Beýleki habarlar