Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

12 Sentýabr 2024
34

Tawus HAÝDULINA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist:

— Ýakynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergä türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we onuň çäklerinde Arkadag şäheriniň üç sany halkara baýraga mynasyp bolmagy ildeşlerimizde çäksiz buýsanç duýgularyny döredip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralaryny goşalandyrdy. Bu şatlykly waka Garaşsyz döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna baýramçylyk sowgady bolup, taryh üçin uly bolmadyk döwürde döwletimiziň ýeten derejesini, ykdysady kuwwatyny aýdyň görkezdi.

«Adalat».
Beýleki habarlar