Täsin belgiler

12 Sentýabr 2024
32

✓ Germaniýanyň Drezden şäherinde 1987-nji ýyldan bäri gyzyl ýanyp duran ýolyşygy bar. Ol Sigelştrasse köçesinden çepe öwrülmegi gadagan edýär. Ýöne päsgelçilik döretmeýän bolsa saga öwrülmäge rugsat berýär. Bu ýolyşygyny aýryp, «Diňe saga hereket» ýol belgisini goýmaga ýerli kanunçylyk ýol bermeýär.

✓ Singapuryň köp pyýadaly geçelgelerindäki ýolyşyklary garrylara we maýyplara ýardam berýän ulgam bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle derejedäki pyýadalar ýörite karty sargyt edip bilýärler we düwmä basmaga derek,  ony sanaýjy enjama golaýladýarlar. Ulgam karty tanansoň, ýaşyl yşygy adatdakysyndan köp ýakýar. Geçelgäniň uzynlygyna görä 3-den 13 sekunda çenli wagt goşulýar.

Tirkişgeldi HOMMADOW,
polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar