Kalbymyzda orun alan akyldar

12 Sentýabr 2024
39

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek, şahyryň şygyrlarynyň gymmatyny dünýä ýaýmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň geçmiş taryhy, beýikligi, däp-dessurlary, umyt-arzuwlary akyldaryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Aýratyn hem Magtymguly Pyragy pederlerimiziň Watany söýmek, garaşsyzlyk, bir döwlete gulluk etmek ýaly erk-isleglerini, arzuwlaryny öz döredijiligine siňdirip bilen ägirtdir. Üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreler beýik türkmen şahyryna goýulýan belent sarpanyň we uly hormatyň nyşanydyr.

Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlary, golýazmalary ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Bu ugurdaky tagallalar halkymyzyň beýikligini, milliligini, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik açýar. Aýratyn bellenilmeli hakykat bolsa, beýik akyldaryň öwüt-ündewleriniň Watana, il-güne ygrarly ýaş nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlylygydyr.     

Sadyk  ABDYREÝIMOW,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar