Ýol asudalygy — il abatlygy

12 Sentýabr 2024
53

Ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli geçirilýän işlere we çärelere işjeň gatnaşmak her birimiziň borjumyzdyr. Şu esasdan harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketini sazlaýjylar wzwodynyň gözegçileri, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri bilen bilelikde harby tehnikalaryň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine bagyşlanan düşündiriş çärelerini geçirdik. Çäräniň dowamynda harby tehnikalaryň kanuna laýyk ulanylyşyna gözegçilik etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ulag serişdeleriniň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly guramak  bilen baglanyşykly talaplara üns çekildi.

Düşündiriş işlerinde ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmakda, ýol resminamalarynyň bellenilen kadalara laýyk ýöredilmeginde harby awtomobil gözegçiliginiň şahsy düzüminiň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçildi.

Baky AÇYLOW,
Türkmenabat garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň gözegçisi, borçnamalaýyn gullugyň starşinasy.
Beýleki habarlar