Ýarym finalda

12 Sentýabr 2024
19

«Türkmenistanyň Kubogy — 2024» ugrundaky duşuşyklar örän çekeleşikli dowam edýär. Ýakynda ýurdumyzyň Kubogynyň häzirki eýesi «Arkadag» futbol topary çärýek finalyň jogap duşuşygynda Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadama» myhman boldy. Oýun 3:1 hasabynda arkadaglylaryň peýdasyna tamamlandy.

11-nji minutda «Arkadagdan» Altymyrat Annadurdyýew hasaby açdy. Duşuşygyň 20-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanan Daýanç Durdyýew hasaby deňlemegi başardy. Çekeleşikli dowam eden duşuşygyň birinji ýarymy 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Şu hasap bilen arakesmä çykan toparlar ikinji ýaryma-da depginli başladylar. «Arkadag» topary oýnuň 47-nji minutynda Begmyrat Baýowyň goly bilen täzeden öňe saýlandy. 68-nji minutynda bolsa Altymyrat Annadurdyýew arany açmak bilen, özüniň şu oýundaky ikinji, toparynyň üçünji goluny geçirdi.

Gylyç GYLYJOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar