Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!

12 Sentýabr 2024
48

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan pagtaçylygyň obasenagat toplumynyň möhüm ähmiýetli pudagydygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Pagta süýümi innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçiligi ýola goýmakda Diýarymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Dokma senagatynyň önümleri bolsa dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

(TDH)
Beýleki habarlar