El hünäri il gezer

12 Sentýabr 2024
58

Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäher Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek hem-de ösdürmek boýunça merkeziniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly utgaşykly görnüşdäki maslahat, şeýle-de ussatlyk sapaklary geçirildi.

Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň we amaly-haşam sungatynyň dünýä tejribesini öwrenmegiň meselelerine bagyşlanan çärede sungaty öwrenijilerdir senetçileriň türkmen amaly-haşam sungaty baradaky täsirli çykyşlary boldy. Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary wideoaragatnaşyk arkaly daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylara milli halylaryň dokalyşyny, keramika we zergärçilik önümleriniň ýasalyşyny görkezdiler. Ýokary ussatlyk hem çeperçilik bilen ýerine ýetirilen el işleri daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Merýem ŞYHYNÝAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Beýleki habarlar