Maýa goýum forumy: täze ösüşleri nazarlap

12 Sentýabr 2024
21

Öňňin paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi geçirildi.

Ýurdumyzyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Maýa goýum forumyna dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşdylar.

«Arkadag»
Beýleki habarlar