Dünýä nusgalyk «akylly» şäher

12 Sentýabr 2024
25

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginde «Arkadag şäheri — dünýä nusgalyk «akylly» şäher» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynda «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşyp, onuň çäklerinde Arkadag şäheriniň üç sany baýraga mynasyp bolmagyna bagyşlanyp geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu dabaraly maslahata gatnaşanlar, ilki bilen, Arkadag şäheriniň häkimliginiň eýwanynda guralan sergä syn etdiler. Bu sergide «akylly» şäheriň ýeten üstünlikleri hem-de indi gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekilleri sergilendi.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar