Innowasion şäher

12 Sentýabr 2024
34

«Akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň bina edilmegi döwrüň talaplaryndan ugur almak hem-de ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek maksady bilen amala aşyrylan iri taslamadyr. Bu iri möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe işleri durmuşa geçirmegi, onuň gurluşygy bilen ýygy-ýygydan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi şäheriň gurluşygynyň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna şert döretdi. Arkadag şäherinde sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy «akylly» şäher konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklaryndan biri, şäheriň dürli taraplaryna gözegçilik etmek üçin IoT tilsimçeleriniň ulanylmagydyr. Mysal üçin, şäher ulag akymyna gözegçilik etmek we ulag dolandyryşynyň gabyllygy üçin tilsimçeleri ulanýar. Şeýle hem tilsimçeler howanyň hiline we şertlerine gözegçilik edýärler. Bu şäherde howanyň hilini ýokarlandyrmaga we howa hadysalarynyň aşa bolan ýagdaýynda degişli çäre görmäge mümkinçilik berýär.

Isa BABAÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar