Halk Maslahaty — agzybirligiň berk binýady

11 Sentýabr 2024
25

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem eziz Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Şu günler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka —Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagtyýar raýatlarymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen halk pähimine hem-de ata-babalarymyzyň taryhy tejribesine esaslanyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýurdumyzy ösüşlere beslemekde ähmiýeti uludyr. Halk Maslahatynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini üpjün etmek ýaly il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilim has-da kämilleşdirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli neşir edilýär. Şu ýyl hem ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen 1-nji synpa gelen körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuter gowşuryldy. Elleri täze kompýuterli körpeleriň ümzügi ileri. Täjigistan Respublikasynda hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän täze mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylmagy iki doganlyk halky has-da buýsandyrdy.

Jennet BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar