Diýar waspy dünýä içre ýaň salýar

11 Sentýabr 2024
17

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iki aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, 14 sany ýaş aýdymçy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Konsertiň jemleýji tapgyrynyň ähli gatnaşyjylarynyň ýerine ýetirmeginde bäsleşigiň özboluşly senasyna öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdym bilen dabaraly başlanmagy döredijilik çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Açyk sahna meýdançasyndaky çykyşlar halkymyzyň aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegi hem-de ýaş zehinleriň döredijilik taýdan kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikleri döretmek ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ägirt uly aladasynyň subutnamasydyr.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar