Berjaý edilmeli kadalar

11 Sentýabr 2024
14

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilim edaralarynyň binadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde gaýragoýulmasyz ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýatladýar. Elektrik ulgamyna birikdirilen enjamlary gözegçiliksiz galdyrmazlyk, ütügi ýörite otagda ulanmak maslahat berilýär. Näsaz hem-de aşagyna goýulýan oda durnukly gatlagy bolmadyk mahalynda olary ulanmakdan saklanmaly.

Kebşirleýiş we açyk ot ulanmak arkaly işleri bilim edaralarynyň ýolbaşçysynyň resmi rugsady bolmasa geçirmek gadagandyr. Bu işler diňe ýörite hünärmenler tarapyndan alnyp barylmaly. Şular ýaly işler geçirilýän ýerleri ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr gurallar bilen üpjün etmeli. Bilim edaralarynyň ähli binalary we otaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlary bilen üpjün edilip, olaryň iş kadalary bilen ähli işgärleri tanyşdyrmaly. Mugallymlardyr terbiýeçiler we beýleki işgärler synp otaglarynda okuw sapaklary gutarandan soň, otaglary örän ünsli gözden geçirip, ýüze çykarylan kemçilikleri düzedip, elektrik ulgamynyň öçürilendigini barlamaly.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.
Beýleki habarlar