Watançylyk terbiýesi

11 Sentýabr 2024
25

Watana guwanmak, ony söýüp, gözüň göreji ýaly aýamak mukaddes borçdur. Edermen ata-babalarymyz mukaddes topragy gorap, onuň kuwwatlanmagy, şöhratlanmagy ugrunda göreşipdirler. Beýik taryhy ýoly geçen halkymyz ýeňil bolmadyk synaglara döz gelip, özbaşdak ýurt, döwlet bolmagyň arzuwynda ýaşapdyr.

1991-nji ýylyň güýzünde halkymyz arzyly Garaşsyzlygyna eýe boldy. Watanymyz Garaşsyzlygyny alanyndan sanlyja aýdan soň, ýurduň polat galasy — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri döredildi. Türkmenistan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Gysga döwrüň içinde ýaş türkmen döwleti özüni bütin dünýä tanatdy we ykdysady üstünlikleri bilen ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Bu gün bolsa ýurdumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent sepgitleri nazarlaýar. Gerçek ata-babalarymyzyň watansöýüjilikli ýörelgelerini dabaralandyrýan döwlet Baştutanymyz ene topragyň mukaddesligi, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly gorap saklamalydygy hakynda öz çykyşlarynda öwran-öwran nygtaýar.

Didar BAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar