Kitaba söýgi – Watana söýgi

11 Sentýabr 2024
35

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatynda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde, Serhet gullugynda harby bilimi ösdürmekde, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, şeýle hem şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, döredijilik-hünär ussatlygyny ýüze çykarmakda netijeli işler alnyp barylýar.

Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynda şahsy düzümiň bilimini artdyrmak, kitaba söýgi döretmek maksady bilen, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly çeper döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan harby gullukçylar onuň şertine görä, öz döredijilik ukyplaryny görkezmek, türkmen nusgawy we häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarynyň watançylyk, gahrymançylyk temasyndan ýazan goşgularyny ýatdan aýtmak, okan kitaplarynyň mazmunyny gürrüň bermek boýunça biri-birinden has taýýarlykly we gyzykly çykyş etdiler. Bäsleşigiň ahyrynda gowy çykyş eden harby gullukçylar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Ejegül ESENOWA,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar