Tohum al-da, ýere bar!

11 Sentýabr 2024
31

Halkymyz gadymy döwürlerden başlap, özüni zerur azyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ugrunda yzygiderli aladalanypdyr. Bu häzirem şeýle. Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny belent mertebe bilen ýöredip, ýurdumyzda ekerançylyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda ýadawsyz tagalla edýär. Şonda ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak esasy talap hökmünde öňe sürülýär. Bu meseleler bolsa tohumçylyk işini täze derejelere çykarmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şeýle möhüm mesele boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň Saýat ylmy-önümçilik synag hojalygynda nusgalyk işler alnyp barylýar. Bu ýerde beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda şalynyň tohumçylygy we seçgiçiligi boýunça ylmy barlaglar üstünlikli geçirilýär.

Ussat ekerançy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Geldimyrat Orazowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda öňden bäri ekilip gelinýän şalynyň «Nukus-2», «Müňbaş», «Elenga», «Gülzar» ýaly görnüşleri indi birnäçe ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Tejribeli alymyň seçgiçilik işleri netijesinde bu ekiniň «Bereket» atly täze görnüşi hem döredildi. Ol häzirki wagtda ýurdumyzyň şalyçylarynyň arasynda ýokary hasyly we lezzetli tagamy bilen tapawutlanýan görnüşleriň hatarynda tanalýar. Ylmy-önümçilik synag hojalygynda bular bilen bir hatarda şalynyň Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe, Koreýa Respublikasy we Indoneziýa ýaly döwletlerden getirilen görnüşleri-de meýdan şertlerinde synag edilýär. Olaryň netijeleri boýunça täze görnüşleri biziň toprak-howa şertlerimize özleşdirmegiň mümkinçilikleri ylmy taýdan anyklanylar.

Eziz ARTYKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar