Semzek we onuň peýdasy

11 Sentýabr 2024
33

Halkymyz gadymy döwürlerden bäri semzegi hem iýmit, hem-de melhem hökmünde peýdalanyp gelipdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin maglumat berilýär. Semzek süýri, galyň ýaprakly, ýogyn, etlek baldaklary gyzylymtyl reňkli bolup, dikligine ösýän örän peýdaly ösümlikdir. Ony çig ýa-da bişirip iýip bolýar. Çig iýlende, ýokumy has-da peýdaly bolýar.

Semzegiň düzümindäki demir we mis minerallary gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Bulardan başga-da, düzümindäki mis we demir saçyň çalt ösmegine ýardam edýär. Ata-babalarymyz halk lukmançylygynda semzegi içegeleri we ondaky ýaralary bitirmekde hem-de babasyl keselinde yzygiderli ulanypdyrlar. Ondaky A ýokum iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Semzegiň düzümi A we C ýokumlaryna hem-de antioksidantlara baýdygy sebäpli öýken, düwnük keselleriniň öňüni almaga ukyplydyr.

Dinara SEÝIDÖWEZOWA,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar