Asudalyk — illerde-de, ýollarda-da hökmürowan

11 Sentýabr 2024
33

Örän netijeli we uly ähmiýete eýe bolan biraýlygyň dowamynda welaýatymyzyň çägindäki harby awtomobil gözegçilikleri netijeli işleri alyp barýarlar. Türkmenabat we Kerki garnizonlarynyň degişli gözegçilikleri tarapyndan harby ulaglaryň welaýatymyzyň çägindäki gatnawlaryny has düzgünleşdirmek we biraýlygy ýokary derejede geçirmek üçin ýörite meýilnama işlenilip taýýarlanyldy. Harby gözegçiler biraýlygyň çäginde PÝGB-niň ýerlerdäki bölümçeleri bilen sazlaşykly işläp, ýollarymyzyň mundan beýläk hem asuda bolmagyny gazanýarlar.

Ýakynda podpolkownik S.Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Kerki garnizonynyň, welaýat harby prokuraturasynyň, PÝGB-niň Kerki etrap bölümçesiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiniň şahamçasynyň, raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň Kerki şäher halas ediş toparynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň wekilleri bilen bilelikde «Ýollarymyz asuda bolsun!» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, biraýlygyň netijeli geçirilmegi diňe bir harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň tagallasyndan ybarat däldir. Bu işe hemmeleriň goşant goşmagy gerek. Hususan-da, ýaşlaryň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda şeýle wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek bellenildi. Biraýlygyň çäklerinde Türkmenabat we Kerki garnizonlarynyň harby gullukçylarynyň arasynda biraýlyga bagyşlanan çäreleriň birnäçesi, şol sanda, bäsleşikler, maslahatlar geçirilýär.

Şazada TAŇRYKULYÝEW,
Kerki garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketine gözegçiler wzwodynyň gözegçisi, borçnamalaýyn gullugyň starşinasy.
Beýleki habarlar