Il bähbitli tutumlar

11 Sentýabr 2024
30

Ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahawatyny bolluk bilen eçilýän tylla güýzüniň şatlyk-şowhuny ýene bir şanly, taryhy waka bilen utgaşar. Ýene sanlyja günden paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Halkymyzyň geljegini has-da aýdyň ýollara atarjak çözgütlerdir kararlary kabul etmek üçin halk wekilleri uly maslahata ýygnanarlar, ösüşler bilen diňe öňe sary barýan berkarar döwletimizde amala aşyrylýan işleriň üstünlikli dowamy boljak döwletli tutumlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bu günki gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik gurluşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerini üstünlikli çözmekde ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň barha netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!» diýip nygtaýşy ýaly, dabarasy dünýä ýaň salýan tutumly işler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkyna sala salyp bitirýän dünýä nusgalyk beýik işleridir.

Jumanyýaz ORAZSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar