Dünýä dolan belent mertebe

11 Sentýabr 2024
36

Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň köňlünde besläp gelen arzuw-hyýallarynyň wysal bolmagydyr. «Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy» diýen beýik Pyragynyň goşgularynda hem berkarar döwlet gurmak, erkin, asuda ýaşamak, agzybir bolmak baradaky pikir-garaýyşlar agdyklyk edýär. Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen dana şahyryň çoh garaşan ajap eýýamy geldi. Bir supranyň başyna jemlenen türkmeniň ykbaly göterildi. Halkymyzyň ýüregindäki ajaýyp arzuw-umytlaryny ebedilik hasyl eden mukaddes Garaşsyzlygymyzdyr. Garaşsyzlygymyz türkmen döwletiniň, halkynyň at-abraýyny dünýä doldurdy. Hut şonuň üçinem biziň her birimiziň Garaşsyzlygymyza bolan söýgi-buýsanjymyz egsilmezdir. Ol bize her bir işde güýç-kuwwat, ylham-joşgun berýär.

«Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew bady bilen ösüşiň täze belent basgançaklaryna tarap barýar. Häzirki wagtda Garaşsyzlygyň gazananlaryny pugtalandyrmak bilen, tutumly işler dowam etdirilýär. Ata Watanymyzyň alyp barýan hoşniýetli we parahatçylyk söýüji içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde halkara abraýy belende galýar. Munuň özi döwletimiziň sebit we dünýä möçberinde alyp barýan ynsanperwer işleriniň ykrarnamasy bolup durýar. 

Ogulsona TAGANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar