Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň belent ykrarnamasy

11 Sentýabr 2024
31

Agzybir hem zähmetsöýer türkmen halky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramyna ýokary ruhubelentlikde, kalbyny buýsanja, guwanja besläp barýar. Bir asyryň üçden birine hem ýetmeýän, taryhy jähetden alanyňda bolsa, ujypsyz hasaplanylýan şol döwrüň içinde, esasan hem, onuň soňky ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilen tutumlary, gazanylan ösüşleri asyrlara barabar diýip, buýsanç bilen taryplamaga doly hakymyz bardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze-täze üstünliklere besläp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol ösüşleri has-da öňe ilerletmek babatda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň gözelligi-de, halkara abraýy-da, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi-de barha ýokary göterilmek bilen.

Eýsem-de, eziz Diýarymyzda täze taryhy döwürde amala aşyrylan ägirt uly işleri asyrlara barabar diýip häsiýetlendirmegimiziň düýp özeninde ajaýyp hakykat, özem ençeme subutnamalara eýe bolan hakykat durýandyr. Muňa diňe bir mysalyň, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen gadymy Köpetdagyň eteginde dörän nowjuwan şäheriň — Arkadag şäheriniň mysalynda hem aňryýany bilen göz ýetirmek bolýar.  

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar