Ösüşli menziller

11 Sentýabr 2024
34

Röwşen geljegine tarap ynamly barýan ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýar. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda, pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanýar.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan ösüşleri bütin dünýäde ykrar edilýär we ýokary baha mynasyp bolýar. Ýurdumyz oba hojalyk, senagat taýdan ösmek bilen, dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýar. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberi has-da artýar. Yzygiderli amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp zamanada il-ulsumyzyň eşretli ýaşaýşyny, röwşen geljegini nazarlaýan başlangyçlary şanly hem taryhy wakalar bilen dabaralanyp, eziz Diýarymyzda abadançylyk, asudalyk, agzybirlik höküm sürýär. Özleri hakda edýän şeýle aladalary üçin halkymyzyň Milli Liderimize, döwlet Baştutanymyza alkyşynyň çägi ýok.

Babajan AŞYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar